Sepleriň elýeterliligi

Päkistanda NATO güýçlerine ýük daşalýan ýol açyldy


Päkistan häkimiýetleri Owganystandaky NATO güýçleri üçin ýük daşalýan ýoly ýene-de açdy. Ilkinji awtokerwen düýn günortan iki ýurduň serhedinden geçdi.

NATO-nyň wertolýotlarynyň howadan eden hüjüminde üç päkistan harbysy heläk bolansoň ýük daşalýan ýol sentýabr aýynyň ahyrynda ýapylypdy.

Ýoluň ýapyk duran wagty Päkistandaky söweşijiler Owganystandaky NATO güýçleriniň harbylary üçin ýük alyp barýan awtokerwenlere alty gezek hüjüm edipdi.
XS
SM
MD
LG