Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýly dissident, Nobel baýragynyň eýesi aýaly bilen duşuşdy


Häzir türme jezasyny çekýän dissident Lýu Ksýaobo bilen duşuşmaga Hytaý häkimiýetleri onuň aýalyna rugsat berdi.

Geçen hepdäniň anna güni Lýu Ksýaobo parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi yglan edildi.

Nobel komitetiniň bu kararyna resmi Pekin gaharly reaksiýa bilen Norwegiýa protest bildirdi.

Lýu Ksýaobo geçen ýyl Hytaýyň kommunistik esaslaryny ýykmak ugrundaky tagallalary hem Hytaýda demokratik reformalar geçirmek baradaky çagyryşlary özünde jemleýän “Hartiýa- 08”-i neşir edeni üçin 11 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.
XS
SM
MD
LG