Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bazar güni Belgradda onlarça adam ýaralandy


Bazar güni Belgradda onlarça adam ýaralandy ýa-da geý-parada gatnaşyşylary goraýan polisiýa bilen çaknyşygyň netijesinde saklandy.

Bidüzgünçilikler wagty şähere bir million ýewrodan agdyk zyýanyň etendigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň beren maglumatyna görä, ýüzlerçe ýaş ýigit polisiýa işgärlerine daş, içi ýangyçly çüýşeleri atypdyr, düzgün-tertibi goraýjylar göz ýaşardyjy gaz hem rezin gülleler bilen jogap beripdir.

Çaknyşyklarda 120 gowrak adam jebir çekdi, olaryň aglaba bölegi polisiýa işgärleri.

Saklanyp, polisiýa bölümlerine eltilenler ýüzden gowrak.

Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç bidüzgünçiligi gurnaýjylaryň suduň öňünde jogap bermelidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG