Sepleriň elýeterliligi

Belli amerikan aýdymçysy Solomon Berk aradan çykdy


Belli amerikan soul-aýdymçy Solomon Berk 70 ýaşynda Amsterdamda aradan çykdy.

Ýerli köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, ol Los-Anjelesden uçup gelen, “Shiphol” aeroportuna gonan uçarda ölüpdir.

Aýdymçynyň ölüminiň takyk sebäbi habar berilmeýär.

Berk Niderlandlaryň paýtagtyna ýerli klublaryň birinde çykyş etmek üçin gelipdi.

Başda din wagyzçysy bolan Solomon Berki 2001-nji ýylda rok-n- rollyň Şöhrat zalyna goşupdylar.
XS
SM
MD
LG