Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda ses berişlik tamam boldy


Täze şertlerde geçirilýän ilkinji saýlawda 29 çemesi syýasy partiýa Ýokary geňeşdäki 129 orun üçin bäsleşdi.
Täze şertlerde geçirilýän ilkinji saýlawda 29 çemesi syýasy partiýa Ýokary geňeşdäki 129 orun üçin bäsleşdi.

Gyrgyzystanda ses berişlik tamam boldy. Ýurduň hasaba alnan 2,8 million saýlawçylarynyň köpüsi öz ýurtlarynyň Merkezi Aziýanyň ilkinji parlament demokratiýasyna öwrülmegine umyt baglaýar.

Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ses berişlige gatnaşygyň 43 prosentden gowrak bolandygyny aýdýar. Saýlawçylaryň köpüsi bu saýlawyň Gyrgyzystanda garaşsyzlykdan soňky döwürde geçen iň arassa ses berişlik boljakdygyna ynanýar.

Bişkekli Bagtygül ses bermäge barýarka Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna bu saýlaw ozalkylardan 50-60 prosent adalatly bolar, ýöne 100 prosent adalatly bolmaz diýip, pikir edýändigini aýtdy.

29 çemesi syýasy partiýa bäsleşdi

Iýunda geçen konstitusion referendum ýurduň Ýokarky geňeşine has giň ygtyýarlyk berdi we Gyrgyzystan Merkezi Aziýadaky ilkinji parlament demokratiýasyna öwrüldi. Netijede täze şertlerde geçirilýän ilkinji saýlawda 29 çemesi syýasy partiýa Ýokary geňeşdäki 129 orun üçin bäsleşdi.

Bişkegiň başga bir ýaşaýjysy Swetlana bu saýlawyň azat hem adalatly boljagyna ynanýandygyny aýtdy: «Meniňçe, hemme zat asuda we gowulyk. Adamlar baryp, öz islän kandidatlaryna ses berýärler. Ses beriş býulletenleri gaty uly, olar gutulara zordan sygýar. Bir şu kemçilik bar».

Gyrgyz resmileri zorlukly wakalaryň gaýtalanmagyndan alada edip, berk howpsuzlyk çärelerini gördüler we ses berişlige gözegçilik etmek üçin 800 çemesi synçy çagyrdylar.

Ýurduň geçiş prezidenti we öz ygtyýarlyklarynyň köpüsini güýçlendirilen parlamente bermäge göwünjeň razy bolan Roza Otunbaýewa saýlawyň kadaly geçjegine ynanýandygyny aýtdy: «Biz bu günüň adaty bir gün bolmagyna garaşýarys. Biziň çakymyzça, tutuş saýlaw prosesi açyk-aýdyň bolar we ol ýagdaýy bulaşdyrmak we döwleti syýasy gowga sokmak isleýänlere ýol bermez».

ÝHHG-niň 240 gözegçisi getirildi

Ýanez Lenarçiç Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary bölüminiň direktory. Bu gurama saýlawyň geçişine syn etmek üçin Gyrgyzystana jemi 240 gözegçi getirdi.

Lenarçiç Oşda žurnalistleriň öňünde çykyp gürläp, saýlawlaryň asuda geçişine ýokary baha berdi: «Adamlaryň, saýlawçylaryň öz islegini aýdyp bilmegi möhüm zat. Onsoň olaryň isleginiň saýlawlaryň netijelerinde öz ornuny tapmagy we soňy bilen şol netijeleriň hemmeler tarapyndan kabul edilmegi hem gaty möhüm».

Ýurduň günortasynda, häkimiýetden gyrakladylan lider Bakyýewiň syýasy diregine daýanýan we etniki gyrgyzlar bilen özbek azlygynyň arasynda çaknyşyk bolan ýerde zorlukly wakalaryň gaýtalanmak ähtimallygy barada alada edildi. Iýun aýynda bolan etniki çaknyşyklarda bu ýerde 400 çemesi adam heläk bolupdy. Hatda özbek saýlawçylarynyň ses berişlige gatnaşmak höwesiniň gaçmak ähtimallygy barada hem gorky boldy.

Emma Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň habarçysy Gülasal Kamalowa Oşdan özbek saýlawçylarynyň ses bermäge köpçülik bolup gelýändigini habar berdi: «Häzir adamlaryň keýpi ýerinde. Köpler irden ses bermäge gitdiler, özem olaryň hemmesi şadyýan, men bir aý öň bu ýerde adamlarda beýle şatlyk görmändim. Olar bu gün saýlawdan soň, belki, bir zatlar üýtgär, parahatçylyk, durnuklylyk bolar diýýärler».

Tarapdarlar, garşydaşlar

Saýlawyň öňdebaryjylarynyň arasynda geçiş hökümetiniň we täze parlament demokratiýasynyň tarapdarlary-da, garşydaşlary-da bar. Tarapdarlaryň arasynda parlamentiň ozalky spikeri Ömürbek Tekebaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ”Ata-Meken” partiýasy we ozalky premýer-ministr Almazbek Atambaýewiň bazar ugurly “Sosial-demokratik partiýasy” bar.

Opponentleriň arasynda ozalky premýer-ministr Feliks Kulowyň ýolbaşçylygyndaky ”Ar-Namys” partiýasy bar. Bu partiýanyň Orsýet bilen ýakyn gatnaşyklarynyň bardygy aýdylýar. Kulow Bişkekde çykyş edip, öz partiýasynyň saýlawlarda gowy netije gazanýandygyny we özüniň premýer-ministrlige teklip ediljegini aýtdy. Ol özüniň geljekki koalisiýa ýaranlary bilen işleşmäge taýýardygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýene bir partiýa, milletçi “Ata jurt” partiýasy hem ýurduň günortasynda berk goldaw tapýar. Bu partiýanyň lideri Kamçibek Taşiýew Jalalabatda çykyş edip, bu saýlawyň ýurtda hyzmatdaşlygy ösdürmegine we parahatçylyga itergi bermegine umyt edýändigini aýtdy.

Premýer-ministriň öňki orunbasary Ömürbek Babanow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ”Respublika partiýasy” bolsa ne geçiş hökümetiniň, ne-de ondan öňki hökümetiň tarapyny tutdy.

Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň ikisiniň hem Gyrgyzystanda harby bazalary bar we olar saýlawlara içgin syn edýärler.
XS
SM
MD
LG