Sepleriň elýeterliligi

Rabbani Owganystanyň parahatçylyk geňeşine ýolbaşçylyk edýär


Talyban we beýleki pitneçi toparlar bilen gepleşmek arkaly ýurtdaky garşy duruşlygy parahatçylykly soňlamagy maksat edinýän täze owgan geňeşine uruş jenaýatlary bilen ilteşikli Rabbani ýolbaşçylyk edýär.

Prezident Hamid Karzaýyň edarasy ýekşenbe güni 70 agzaly Ýokary parahatçylyk geňeşine Burhaneddin Rabbaniniň ýolbaşçylyk etjegini yglan etdi.

Rabbani 1980-nji ýyllarda sowet güýçlerine garşy urşan mujahetdin lideri we 1990-njy ýyllaryň birinji ýarymynda owgan prezidenti bolan adam. Onuň hökümeti 1996-nžy ýylda Talyban tarapyndan agdaryldy.

Hýuman raýts wotç Rabbaniniň 1990-njy ýyllaryň birinji ýarymynda müňlerçe owganyň öldürilmegine we ýer-ýurdundan göçürilmegine getiren uruş jenaýatlary bilen ilteşiklidigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG