Sepleriň elýeterliligi

Hytaý norweg ministrleri bilen duşuşygy ýatyrýar


Hytaý şu gün, Norwegiýanyň Nobel baýragy baradaky komitetiniň Hytaýda tussag edilen dissident Lýu Ksiabo Nobel parahatçylyk baýragyny berenden soň, norweg ministrleri bilen geçirilmegi duşuşygy goýbolsun etdi.

Norweg häkimiýetleri balykçylyk ministri Lisbes Berg-Hansen Hytaýa barandan soň onuň Hytaýyň oba hojalyk ministriniň orunbasary bilen üçünji güne bellenen duşuşygynyň ýatyrylandygyny aýtdy.

Hytaý tussagdaky dissidentiň parahatçylyk baýragy bilen sylaglanmagyny gaharly garşylady we munuň Norwegiýa bilen gatnaşyklara zyýan ýetirjegini aýtdy.

Norwegiýa we Hytaý dünýäniň in uly balyk eksportçylarydyr.
XS
SM
MD
LG