Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara gözegçileri gyrgyz saýlawlaryna ýokary baha berýärler


Halkara saýlaw gözegçileri şu gün Gyrgyzystanda ýekşenbe güni geçen parlament saýlawlaryna ýokary baha berdiler.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň synçylary saýlawlaryň syýasy köpdürlilik ýagdaýynda geçendigini aýtdylar.

Deslapky netijelere görä, bäş partiýanyň parlamentde orun almak mümkinçiligi bar.

Oppozisiýadaky milletçi “Ata jurt” partiýasy, Sosial demokratik partiýa, Orsýete tarapdar “Ar-namys” partiýasy, Respublika we hökümete tarapdar “Ata Meken” öňdeligi çekýär.

Gyrgyzystanda ýekşenbe güni bolan parlament saýlawlary ýurduň günortasynda iýun aýynda bolan etniki çaknyşyklardan birnäçe aý soň geçdi. Şol ganly wakalarda ýüzlerçe adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG