Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Bosniýa, Serbiýa we Kosowa sapara başlaýar


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillary Klinton Balkan ýurtlaryna sapara başlaýar. Ol bu saparyň dowamynda Bosniýa-Hersogowina, Serbiýa we Kosowa barmaly.

Klinton özüniň üç günlük saparyna şu gün, Saraýewodan başlaýar. Ol bu ýerde bosniýa liderleri bilen duşuşyp, şu aýyň başynda etniki taýdan bölünen ýurtda geçirilen prezident hem parlament saýlawlaryndan soňky ýagdaý barada maslahat eder.

Klintonyň ikinji duralgasy belgrad bolar we onuň ol ýerde serb liderleri bilen duşuşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG