Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaliforniýanyň gubernatory Şwarsnegger Orsýete sapar edýär


Kaliforniýanyň gubernatory Arnold Şwarsnegger rus prezidenti Dmitriý Medwedewiň Orsýetde ýokary tehnologiýany ösdürmek planyna goldaw bermek maksady bilen Moskwa geldi.

Şwarsnegger Medwedew bilen gepleşik geçirjek we Skolkowa şäherine baryp görjek ýokary derejeli tehnologiýa ýolbaşçylarynyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Medwedew Skolkowa şäherinde Kaliforniýanyň Silikon jülgesine çalymdaş tehnologiýa mekanyny gurmagy umyt edýär.

Medwedew iýun aýynda Kaliforniýa sapar edipdi.

Şwarsneggeriň delegasiýasyna “Google”, “Microsoft” we “Oracle” ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçy işgärleri hem girýär.
XS
SM
MD
LG