Sepleriň elýeterliligi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynyň çäginde gol çeken permanyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Nury Muhammedow wezipesinden çetleşdirildi. Onuň ýerine “Türkmengazyň” başlygynyň orunbasary Döwlet Mommaýew bellenildi.

“Türkmengazyň” öňki başlygy Nury Muhammedowyň işden boşadylmagyna, resmi maglumatlara görä, onuň “işde goýberen düýpli kemçilikleri” sebäp boldy. Emma bu kemçilikleriň nämeden ybaratdygy mälim edilmedi.

Energiýa meseleleri boýunça bilermen Dan Susio Türkmenistanyň energiýa pudagynda amala aşyrylan kadrlar çalşygynyň syýasy sebäpleriniň bolmagynyň ähtimaldygyny çak edýär.

“Düýpli kemçilikler” nämeden ybarat?

Syýasaty öwreniji Aždar Gurdow Türkmenistanyň kadrlar syýasatynda ýyllar boýy ulanylyp gelinýän “düýpli kemçilikler” baradaky umumy düşündirişiň aňyrsynda käbir takyk kemçilikleriň ýatanlygyny öňe sürýär.

“Bir tarapdan, ýurtda gülläp ösen korrupsiýa ýolbaşçylaryň bikanunçylyklara baş goşanlygyny çak etmäge esas döredýär. Başga bir tarapdan bolsa, uly üstünlikler, ummasyz gaz baýlyklary we täze proýektleriň perspektiwalary resmi derejede yglan edilýärkä, iş ýüzündäki bökdençlikler halkara derejesinde öz abraýyny galdyrmak isleýän ýurt ýolbaşçylaryny nähili-de bolsa çäre görmäge mejbur edýär” diýip, Aždar Gurdowyň aýdýar.

Aždar Gurdowyň pikirine görä, Türkmenistanda gazyň önümçilik derejesi ýokarlanmaýar, gaz söwdasyndan ýurduň gaznasyna gelýän girdejileriň möçberi türkmen häkimiýetleriniň islegine laýyk köpelmeýär. Türkmenistanyň gaz önümçiliginiň derejesi we ondan gelýän girdejiler barada resmi maglumatlarda habar berilmeýär. Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň hökümeti ýurduň gaz önümçiligini ýakyn geljekde ýylda 250 milliard kubometre ýetirmek planlaryny yglan edýär.

Aždar Gurdow Türkmenistanyň Hytaýa satýan gazynyň bahasynyň türkmen gazynyň Eýrana we Russiýa Federasiýasyna satylýan bahasyndan, aýratynam Ýewropa bazaryndaky nyrhlardan has pes bolmagy girdejileriň azlygyna sebäp bolýar diýip, çak edýär.

Ugur hanjak?

Merkezi Aziýa boýunça syýasy analitik Artýom Ulunýanyň pikirine görä, “Türkmengazyň” başlygynyň çalşyrylmagy ýurt ýolbaşçylarynyň gaz eksporty boýunça syýasatynyň ugruny üýtgetmek niýetini hem aňladyp biler.

Soňky döwürde esasy ünsüni Hytaýa we “Transowgan” gazgeçirijisine gönükdirýän Türkmenistanyň gaz söwdasynda mundan beýläk Günbatar ugruny ösdürmek isleýän bolmagy ähtimal diýip, A.Ulunýan belledi. Syýasy analitigiň pikirine görä, Türkmenistanyň Ýewropanyň we ABŞ-nyň kompaniýalary bilen gepleşiklerini ýygjamlatmagy Aşgabadyň niýetinden habar berýär.

9-njy oktýabrdaky hökümet mashalatynda Türkmenistanyň hökümeti energetika pudagynda Birleşen Ştatlaryň «Chevron» hem-de Fransiýanyň «Total» korporasiýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmekçidigini hem mälim etdi.

Hususan-da, wise-premýer G.Hojamuhammedow «Chevron» we «Total» korporasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýakyň günlerde Türkmenistana sapar edip, ýurduň häkimiýetleri bilen Türkmenistanyň energiýa sektoryny ösdürmek işlerine gatnaşmak meselesi barada gepleşik geçirjekdiklerini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu gepleşiklerde esasan «Chevron» we «Total» korporasiýalarynyň Hazardaky Türkmenistana degişli käbir energiýa ýataklaryny özleşdirmek işlerine gatnaşmak meselesi barada gürrüň ediler.

Açyklyk ýok

Artýom Ulunýanyň pikirine görä, Türkmenistanda ýokary derejeli resmiler wezipelerinden boşadylanda, munuň sebäbiniň düşündirilmezligi Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň awtoritar tejribelerinden el çekmek islemeýänligini we ýurduň halk hojalygyna degişli prosesler barada köpçülige habar bermegi öz borçlary hasaplamaýandyklaryny görkezýär.

Üstesine nebit gaz pudagy ýaly halk hojalygynyň strategik ugurlaryna degişli maglumatlara gezek gelende, açyklygyň üpjün edilmegi, analitigiň pikirine görä, halk baýlyklarynyň söwdasyndan gelýän girdejiler we olaryň ulanyşy barada jemgyýetiň sorag bermegine hem mümkinçilik döreder. “Şeýle ýagdaýda jemgyýetde pul nirä gidýär diýlen sowal orta atylar” diýip, bilermen belledi.

Halkara guramalarynyň ýakynda ýaýradan hasabatynda Türkmenistanyň öz tebigy resurslaryny dolandyrmak boýunça dünýäde iň ýapyk döwletdigi bellenildi. ABŞ-da ýerleşýän “Revenue Watch Institute” we “Transparency International” guramasynyň “Girdejilere gözegçilik indeksi” atly bilelikde ýaýradan hasabatynda ýurtlaryň nebit, gaz we beýleki tebigy baýlyklaryny dolandyryşynyň açyklyk derejesine baha berilýär. Bu sanawda Türkmenistan iň soňky 41-nji orny eýeleýär.

Şol bir wagtda-da, hasabatda bellenişine görä, tebigy baýlyklaryň dolandyrylyşynda açyklyk, korrupsiýa garşy göreş, jemgyýetde ynamyň döremegi we ýurtlaryň syýasy durnuklylyk esasyndaky sosial-ykdysady ösüşi üçin zerur şertdir

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG