Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş assambleýasy Howpsuzlyk Geňeşine saýlaw geçirer


BMG-niň Baş assambleýasy şu gün Howpsuzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn bäş agzasyny saýlar.

Afrikanyň, Aziýanyň we Latyn Amerikasynyň wekilleri – Günorta Afrika respublikasy, Hindistan we Kolumbiýa saýlawlaryň gidişinde ýeňillik bilen ýeňiş gazanar diýlip garaşylýar.

Ýöne Günbatar blokdan iki orun üçin göreş bolar. Şol orunlara Germaniýa, Portugaliýa we Kanada dalaş edýär.

Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge jogapkär BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 15 agzadan ybarat bolup, olaryň bäşisi - Beýik Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Orsyet we ABŞ - hemişelik agzadyr. Olarda weto hukugy bar.

Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl 10 agzasy her ýylda bäşden iki ýyllyk möhlet bilen saýlanýar.
XS
SM
MD
LG