Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan Demirgazyk Kawkaza wiza düzgünini ýatyrýar


Gürjüstan Demirgazyk Kawkaz respublikalarynyň ýaşaýjylary üçin wizasyz režim girizýär.

Gürjüstanyň DIM–niň orunbasary Nino Kalandadze Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwiliniň degişli görkezmesiniň eýýäm taýýardygyny, çak bilen ýene iki hepdeden onuň güýje girjekdigini aýtdy.

“Demirgazyk Kawkazyň halklary bilen köneden gelýän gatnaşyklary dikeltmek üçin” şeýle karara gelnendigi habar berilýär.

Wizasyz Gürjüstanyň territoriýasynda 30 güne çenli galmak hukugyna Dagystanyň, Çeçenistanyň, Inguşystanyň, Demirgazyk Osetiýanyň, Kabarda-Balkariýanyň, Garaçaý–Çerkessiýanyň we Adygeýiň ýaşaýjylary eýe bolar.

Orsýet bilen Gürjüstan wiza režimini 2000-nji ýylyň ahyrynda girizipdi.
XS
SM
MD
LG