Sepleriň elýeterliligi

Eýranda turistik wiza bilen gelen iki daşary ýurtly tussag edildi


Ýurda turistik wiza bilen gelen iki daşary ýurtlynyň tussag edilendigini Eýran häkimiýetleri habar berdi.

Ýurduň Adalat ministrliginiň maglumatyna görä, özlerini žurnalist diýip tanadan daşary ýurtlular ärine ikilik etmekde aýyplanyp, ölüm jezasyna höküm edilen eýranly zenan Sakine Mohammedi Aştiýanynyň ogly bilen interwýu geçirip duran wagty saklandy.

Ýerli ISNA agentliginiň maglumatyna görä, tussag edilenler Germaniýanyň graždanlarydyr.

Aştiýanyny daşlap öldürmek barada çykarylan hökümi adam hukuklaryny goraýjylar we köp ýurtlaryň syýasy liderleri ýazgardylar.
XS
SM
MD
LG