Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýanyň Sardiniýa adasynda aeroport işlemedi


Italiýanyň Sardiniýa adasynda düýn häkimiýetler birnäçe sagatlap aeroportuň işini togtatmaga mejbur boldular. Polisiýa tarapyndan saklanan ýüzlerçe migrant uçarlaryň uçup-gonýan ýoluny kesip geçmäge synanyşdylar.

Gahar-gazaba münen ýolagçylar bilen bosgunlaryň problemalaryny çözmäge ýardam etmek islän gumanitar guramalaryň işgärleriniň arasyndaky çaknyşyk barada aeroportuň ýerleşýän ýeri bolan Kalýari şäheriniň polisiýasy habar berdi.

Italiýanyň oppozision Demokratik partiýasy “migrantlaryň problemalaryny çözmäge hökümetiň ukypsyzdygyny bu bolan waka ýene bir gezek tassyklady” - diýdi. Aeroportyň howpsuzlyk sistemasy-da tankytdan daşda galmady.
XS
SM
MD
LG