Sepleriň elýeterliligi

Çarşenbe güni Çilide magdançylary halas etmek başlanar


Çilide ýer asty kände galan 33 magdançyny halas etmek işi hepdäniň çarşenbe güni başlanar diýip, ýurduň magdan gazyp alyş ministri Lorens Golborna aýtdy.

Magdançylary ýeriň ýüzüne çykarmaly, ýörite ýasalan kapsula düýn synagdan geçirildi. Adaty bolmadyk lift 600 metr gowrak çuňluga bardy. Magdançylaryň häzirki oturan ýeri çak bilen 700 metr çuňlukda.

Çiliniň demirgazygyndaky Kopýano şäheriniň magdançy işçileri 5-nji awgustdan bäri ýeriň aşagynda halas edilerine garaşýar.
XS
SM
MD
LG