Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Kataryň emiri bilen duşuşdy


Kataryň emiri Hamad Bin Halifa Al Tani bilen G.Berdimuhamedowyň geçiren gepleşiklerinde iki ýurt arasyndaky gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda energetika we turizm, senagat, transport, söwda, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýa, inwestisiýalar, gurluşyk, ylaýta-da uly möçberli sport binalaryny gurmak ýaly ugurlar bellendi.

Iki ýurt arasynda göni howa aragatnaşygyny ýola goýmak meselesinde-de taraplar bir pikirde-diýip, TDH gullugynyň teswirinde bellenipdir.

Gepleşiklerden soň gol çekilen dokumentleriň arasynda türkmen we katar hökümetleriniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky, iki hökümet arasynda hukuk ugrundan hyzmatdaşlyk baradaky, iki ýurduň söwda-senagat palatalarynyň bilelikdäki işewür sowetini döretmek baradaky ylalaşyklar, Türkmenistantyň we Kataryň daşary işler ministrleriniň ikitaraplaýyn konsultasiýalary ýola goýmakda özara düşünişmek baradaky memorandum bar.
XS
SM
MD
LG