Sepleriň elýeterliligi

ABŞ kiber-jenaýatçylary gözleýär


Sud işine görä, tussag edilen 20 adamdan 11-si 19 we 26 ýaş aralygyndaky Orsýetiň raýatlary.

Sud işine görä, tussag edilen 20 adamdan 11-si 19 we 26 ýaş aralygyndaky Orsýetiň raýatlary.

Geçen hepde Orsýetiň, Ukrainanyň, Moldowanyň, Gazagystanyň we Belarusyň onlarça raýaty maliýe hilegärliklerine degişli halkara jenaýatçylyklary derňeýän amerikan kanuny goraýjylary tarapyndan ele salyndy.

Bu waka derňewleriň hem sud diňlenişikleriniň täze tapgyryna itergi berdi. Emma bu işe gatnaşykda şübhelenýänleriň ençemesi häzir ABŞ-nyň daşynda. 17 adam gaçgak hasaplanýar. Amerikan häkimiýetleri gaçgaklaryň gözleginde Moskwanyň hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtaýarlar.

Sud işine görä, tussag edilen 20 adamdan 11-si 19 we 26 ýaş aralygyndaky Orsýetiň raýatlary.

21 ýaşly student Margarita Pahomowa sentýabr aýynda uçara münmekçi bolan wagty tussag edildi. 20 ýaşly Sofiýa Dikowa ýanwar aýynda Nýu Jerside ele salyndy. Onuň ýanynda bank hasaplaryny açmak üçin ulanylýan galp pasportlaryň ençemesi tapyldy.

23 ýaşly Artýom Semýonow 2009-njy ýylyň dekabr aýynda galp pasport bilen bank hasabyny açmaga synanyşanda, tussag edilipdi. Girewine pul goýlup, boşadylan Semýonow dört gün geçensoň, ýene bir bankda başga biriniň adyna hasap açmakçy bolanda, ýene ele salyndy. Artýom Semýonowyň galplyk bilen jemi ýedi bank hasabyny açanlygy sud işinde aýdylýar.

Agzalan şahslara degişli maglumatlar 100-den gowrak sahypalyk sud işiniň diňe bir bölegi. Bu işe gatnaşan, emma gaçyp gutulanlaryň köpüsi Orsýetde ýaşaýarlar ýa-da olaryň Orsýetdedigi çak edilýär. Orsýet bilen ABŞ-nyň arasynda jenaýatda aýyplanýanlary birek-birege tabşyrmak boýunça ýörite ylalaşyk bolmansoň, bu iş boýunça amerikan tarapy Moskwanyň hyzmatdaşlygyny örän wajyp hasap edýär.

Moskwanyň hyzmatdaşlygy

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň öňki geňeşçisi Waşingtonda ýerleşýän Arnold&Porter ýuridiki şirketinden John Bellinger Mokwanyň hyzmatdaşlyk etjegini çak edýär. Bellingeriň sözlerine görä, iki ýurduň arasynda kanuny goramak işlerine degişli ugurlardan birek-birege ýardam bermek boýunça ylalaşyk bar. Şeýlelikde ýurtlar on ýyldan gowrak wagt bäri ençeme meseleler boýunça, şol sanda neşä, terrorçylyga we kompýuter arkaly edilýän jenaýatlara degişli meseleler boýunça hyzmatdaşlyk alyp barýarlar.

Orsýet şu çaka çenli Ýewropa Geňeşiniň kiber-jenaýatçylyklara, ýagny kompýuter arkaly edilýän jenaýatçylyklara garşy Konwensiýasyna goşulmady. Bu dokument 2001-nji ýylda kabul edilipdi. Muňa garamazdan, Orsýetiň raýatlarynyň şeýle jenaýatçylyklara gatnaşan ýagdaýynda Orsýetiň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmek tejribesi bar.

Emma ABŞ-nyň Wirginiýa ştatynyň George Mason uniwersitetinde terrorçylyk, halkara jenaýatçylygy we korrupsiýa boýunça merkeziň müdiri Louise Şelliniň pikirine görä, şol bir jenaýatçylyklara ABŞ-da we Orsýetde başgaça çemeleşilýar. Munuň kompýuter arkaly edilýän jenaýatçylyklara hem degişlidigini Şelli belledi.

Konsulhana habarlaşýar

Orsýetiň Nýu Ýorkdaky konsulhanasynyň wise-konsuly Aleksandr Otçainow kompýuter jenaýatçylyklarynda aýyplanyp, tussag edilen ors raýatlary bilen gatnaşyk saklaýar. Otçainowyň sözlerine görä, tussaglykdaky ors raýatlarynyň hiç birisi konsulhananyň ýardamyny soramaýar.

Şol bir wagtda-da tussag edilenleriň ene-atalarynyň çagalaryna hususy aklawçy tutmak ýa suduň teklip edýän jemgyýetçilik aklawçylarynyň hyzmatyndan peýdalanmak ýaly meselelerde konsulhana bilen maslahat edýändiklerini Aleksandr Otçainow aýtdy.

ABŞ-da tussag edilen Orsýetiň raýatlarynyň ykbalyna Orsýetiň metbugatynyň sahypalarynda hem üns berilýär. Hususan-da, maliýe hilegärliklerinde aýyplanýanlaryň gögelelikden bikanunçylyklara baş goşanlygy çak edilýär.

Kompýuter arkaly edilýän jenaýatçylyklar üçin ABŞ-nyň kanunlaryna laýyklykda, Orsýetiňkä garanda has berk jeza berilýänligini synçylar belleýärler. Tussag edilenleriň günäsi tassyklansa, olaryň her biri 10 we 30 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilmek ýa-da 250 müň dollara çenli pul jerimesini tölemek ýaly jezalara uçrap biler.
XS
SM
MD
LG