Sepleriň elýeterliligi

Ukrainadaky ýol heläkçiliginde 40-dan gowrak adam öldi


Ukrainada otly bilen ýolagçy awtobusyň çaknyşmagy netijesinde azyndan 42 adam heläk boldy. Heläk bolanlaryň arasynda 2 çaganyň bardygy habar berilýär.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi otly bilen çaknyşan ýolagçy awtobusda jemi 49 adamyň bolandygyny mälim etdi.

Bu waka 12-nji oktýabrda irden Ukrainanyň Dnepropetrowsk oblastynda ýüze çykdy.

Heläkçilige awtobusyň sürüjisiniň ýöl düzgünini bozmagy sebäp bolandyr diýlip, çak edilýär.

Ukrain häkimiýetleri heläk bolanlaryň maşgalalaryna 12,600 dollara barabar serişdäni kömek hökmünde tölemegi görkezme berdi.

Bu hadysa bilen bagly 13-nji oktýabr Ukrainada matam güni diýlip, yglan edildi.

12-nji oktýabrda Polşadaky ýol heläkçiliginde hem azyndan 18 adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG