Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Bosniýany syýasy reformalary geçirmäge çagyrdy


ABŞ-nyň döwlet serkretary Hillary Klinton Bosniýany Ýewropa Bileleşigine we NATO agza bolmak üçin syýasy reformalary geçirmäge çagyrdy.

12-nji oktýabrda Klinton Balkan ýurtlaryna üç günlik saparyna başlady.

Saraýewoda Klinton Bosniýanyň liderleri bilen duşuşyp, etniki taýdan bölünen ýurtda şu aýyň başynda geçirilen prezident we parlament saýlawlaryndan soňky ýagdaý barada maslahat etdi.

Bu mesele bilen bagly Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Saraýewoda eden çykyşynda şeýle diýdi: “Bosniýa we Gerzogowina bilelikde hereket etse has çalt depginde Ýewropa Bileleşigine tarap ýakynlaşyp biler. Şonuň üçin bölünmek baradaky gürrüňleri goldamaýarys”.
XS
SM
MD
LG