Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa Eýrany tussag edilen raýatlaryny azat etmäge çagyrdy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Eýranyň häkimiýetlerini ýurtda tussag edilen daşary ýurt raýtlaryny azat etmäge çagyrdy.

11-nji oktýabrda Eýrana turistik wiza bilen gelen iki daşary ýurtly tussag edildi. Eýran häkimiýetleri olaryň žurnalistlerdigini güman edýär.

Ýurduň Adalat ministrliginiň maglumatyna görä, özlerini žurnalist diýip tanadan daşary ýurtlular adamsyna biwepalylykda aýyplanyp, ölüm jezasyna höküm edilen eýranly zenan Sakine Mohammedi Aştiýanynyň ogly bilen interwýu geçirip duran wagty, 11-nji oktýabrda giçlik saklandy.

Tussag edilenleriň Germaniýanyň raýatlarydygyny ýerli ISNA habar agentligi aýdýar.

Eýran sudunyň Aştiýanyny daşlap öldürmek barada çykaran hökümini adam hukuklaryny goraýjylar we köp ýurtlaryň syýasy liderleri ýazgardylar.
XS
SM
MD
LG