Sepleriň elýeterliligi

Guantanamonyň tussaglarynyň üstünden sud prosesi başlandy


Guantanamodaky harby türmäniň tussaglarynyň üstünden ilkinji graždan sud prosesi Nýu-Ýorkda başlandy.

Ahmed Halfan Gailaniniň “Al-Kaýyda” agza bolandygyny, amerikanlary öldürmäge niýetlenendigini suda Federal prokuror Nikolas Lýuis aýtdy.

Öz gezeginde sud edilýäniň aklawçysy Stiw Zissu öz goraýan tussagynyň diňe dostlarynyň tabşyrygyny ýerine ýetirendigine, olary kanun esasynda iş alyp barýan telekeçiler hasaplandygyna aýak direýär.

Gailany Afrikada 1998-nji ýylda iki amerikan ilçihanasynyň partladylmagyna gatnaşykda aýyplanýar. Şol partlamalarda 224 adam heläk bolupdy. Partlamalara öz gatnaşygyny Gailany inkär edýär.
XS
SM
MD
LG