Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda NATO-nyň ýük daşaýan uçary ýere gaçdy


Öten agşam Kabulyň eteginde ýük daşaýan uçar ýere gaçdy.

Kabul aeroportunyň direktory Ýakup Rasoli uçaryň Bagram aeroportundan galyp, Owganystanda hereket edýän halkara güýçler üçin Kabula ýük alyp gidendigini habar berdi.

Uçaryň bortunda 9 ekipaž agzasy bolup, olaryň soňky ykbaly barasynda häzirlikçe habar berilmeýär.

Betbagçylygyň sebäplerini anyklamak boýunça derňew işleri dowam edýär.
XS
SM
MD
LG