Sepleriň elýeterliligi

Meksika aýlagynda burawlamaga moratoriýa ýatyryldy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Meksika aýlagynda çuň burawlamaga girizilen moratoriýany ýatyrdy. Şol gadaganlyk aprel aýynda buraw platformasynda bolan ýangyndan soň girizilipdi.

Meksika aýlagynda nebit çykarýan we beýleki kompaniýalar soňky aýlar moratoriýanyň ýatyrylmagyny talap etdiler. Şol talap iş bilen üpjün etmek boýunça ykdysadyýete ýetirilen zyýan bilen baglydyr.

Federal häkimiýetleriň maglumatyna görä, gadaganlygyň girizilmegi netijesinde sekiz bilen on iki müň aralygynda işgär wagtlaýyn işini ýitiripdir.
XS
SM
MD
LG