Sepleriň elýeterliligi

Türk parlamenti harby operasiýalar baradaky mandaty uzaltdy


Demirgazyk Yrakda mesgen tutan kürt separatistleriniň garşysyna harby operasiýalar geçirmäge mandaty düýn Türkiýäniň parlamenti uzaltdy.

Kanun çykaryjylaryň 428-i tarapdar, 18-i garşy bolup ses berenden soň dokument kabul edildi. Öňki mandatyň möhleti 17-nji oktýabrda dolýar.

Soňky ýyllar türk armiýasy Yragyň demirgazygynda kürt separatisleriniň pozisiýalaryna köp gezek howa hüjümlerini geçirdi, gury ýerden zarbalar urdy.
XS
SM
MD
LG