Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň prezidenti baş prokurora görkezme berdi


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew türme tussaglygyna höküm edilen Ýegor Byçkowyň işini hut öz gözegçiligine almagy Orsýetiň baş prokuroryna tabşyrdy. Bu barasynda Orsýet prezidentiniň metbugat sekretary habar berdi.

Byçkow Nižnitagiliň “Neşesiz şäher” fondunyň öňki ýolbaşçysydyr. Oňa düýn üç ýarym ýyl azatlykdan mahrum etmek barada höküm çykaryldy. Oňa adam ogurlamakda we bikanun azatlykdan mahrum etmekde günä bildirilýär.

Byçkowyň işi boýunça proses güýçli sarsgyn döretdi. Blogerler, žurnalistler we adam hukuklary boýunça aktiwistler ony gorap çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG