Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine dört agza saýlandy


Iki ýyllyk möhlet bilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna Germaniýa, Hindistan, Kolumbiýa we Günorta Afrika respublikasy saýlandy.

BMG-niň Baş assambleýasynda geçirilen ses berişlikde iki ýurt - Kanada bilen Portugaliýa - ikinji tapgyra galdy. Biraz soň Kanada öz kandidaturasyny aýyrdy. Bu bolsa iş ýüzünde Portugaliýanyň bäşinji saýlanan agza boljakdygyny aňladýar.

Howpsuzlyk Geňeşi ol ýa-da beýleki bir ýurduň garşysyna halkara sanksiýalaryny girizmäge we parahatçylyk dörediji operasiýalar geçirmek barada karar kabul etmäge ygtyýarlydyr.

Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş agzasy - Beýik Britaniýa, Hytaý, Orsýet, ABŞ we Fransiýa hemişelik agza bolmak bilen weto goýmak hukugyna eýedir.
XS
SM
MD
LG