Sepleriň elýeterliligi

Söz bilen iş aýry çyksa…


Annadurdy Hajyýew (çepde) we Türkmenistanyň Pariždäki ilçihanasynyň diplomaty (sagda) protest mahalynda, 18-nji sentýabr 2008-nji ýyl.

Annadurdy Hajyýew (çepde) we Türkmenistanyň Pariždäki ilçihanasynyň diplomaty (sagda) protest mahalynda, 18-nji sentýabr 2008-nji ýyl.

Ozalky ýyllarda bolsy ýaly, bu ýyl hem ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça konferensiýasyna Türkmenistanyň resmi wekilleri gatnaşmadylar.

Ýöne, ozalky ýyllardan tapawutlylykda, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň bu konferensiýasyna käbir türkmen aktiwistleri goýberilmedi. 6-njy oktýabrda “Watan” syýasy-jemgyýetçiik hereketiniň wekili Annadurdy Hajyýew iki gün dowam eden garşylykdan soň, konferensiýanyň maslahatyna gatnaşdyryldy.

Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban “Watan” syýasy-jemgyýetçiik hereketiniň başlygynyň orunbasary Annadurdy Hajyýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Warşawada ÝHHG-niň ýyllyk ýygnagyna goýberilmeýşiňiz barada gürrüň berseňiz. Bu gadaganlyk nähili esaslandyryldy? Ýagny, sizi nähili sebäp bilen ýygnaga goýbermejek boldular?

Annadurdy Hajyýew: Görnüşine görä, bu türkmen tarapynyň şeýle konferensiýalaryň geçirilişini bökdemek üçin eden ilkinji synanyşygy däl. Ýöne öňki ýyllarda başlyklyk ediji hemişe meseläniň başynda açyklygy hem adam hukuklaryny hormatlamagy goýardy.

Men hasaba alynmak üçin öňräginden arza berdim, emma meni hasaba almadylar. Ýöne men muňa garaman ol ýere gitdim, sebäbi ozallar ol ýere baraňdan soňam hasaba aldyrmak mümkinçiligi bolardy. Emma bu sapar, başlyklyk ediji Gazagystan ÝHHG-niň iş taryhyny, hususan-da registrasiýa, hasaba alyş bilen bagly dokumentleri düýpli öwrenmäge ýaltanansoň, türkmen tarapynyň meýline gol ýapyldy.

Türkmen tarapy, aýdylmagyna görä, eger bu konferensiýa türkmen aktiwistleri gatnaşsalar, onda prezidentiň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasynyň noýabrda ÝHHG-niň döwlet ýolbaşçylary derejesinde Astanada geçjek sammitine gelmejegi barada beýanat iberipdir.

Muňa şantaž diýseňem boljak. Ýöne bu beýanat esasynda türkmen aktiwistleriniň birnäçesi konferensiýa goýberilmedi. Türkmen tarapy meniň garşyma ýene-de ykdysady jenaýatlar baradaky köne, galplaşdyrylan aýyplama materiallaryny iberipdir. Bilşiňiz ýaly, men iki gezek sudlaşdym we Ýewropa döwletiniň sudy ol aýyplamalaryň esassyzdygyny açyk-aýdyň etdi. Interpol bolsa meni gözlenýänleriň sanawyndan aýyrdy. Amerikan delegasiýasy bu maglumaty öz kanallary boýunça barlap gördi.

Gepiň gerdişine aýtsak, Türkmenistan Ýewropa döwletiniň sudunyň bu kararyndan bir gezegem şikaýat etmedi. Türkmen prokuraturasy ol aýyplamalaryň baryp Nyýazowyň režimi mahalynda galplaşdyrylandygyna gowy düşünýär, ýöne olaryň muny açyk boýun almaga syýasy erki ýetenok.

Azatlyk Radiosy: Annadurdy, ahyrynda siz ýygnaga goýberildiňiz, emma Bosgunlykda doredilen Respublikan partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow adam hukuklary baradaky ýygnaga goýberilmedi. Näme üçin sizi ýygnaga goýberip, Hanamowy goýbermediler?

Annadurdy Hajyýew: Men Ýewropa sudunda sudlaşdym. Emma, meniň çakyma görä, Hanamowda beýle mümkinçilik bolmadyk bolarly. Ýewropaly çinownikleriň bu meselä gatnaşygynyň sebäbi şundamyka diýýärin. Olar sud tertibinde seredilmedik delillere däl-de, kanuny proseduralara köp bil baglaýarlar. Emma şuny nazara almak gerek, eger ýewropalylaryň haýsydyr bir nägileligi bolan bolsa, olar oňa bosgun durumyny bermezdiler, hatda serhetdenem geçirmezdiler.

Azatlyk Radiosy: Annadurdy, siz ÝHHG-niň bu hereketine nähili baha berýärsiňiz? Bu ýagdaý siziň eliňizi sowatdymy ýa has-da göreşe ruhlandyrdy?

Annadurdy Hajyýew:
Bu ýyl ÝHHG-e Gazagystan ýolbaşçylyk edýär. Bu ýurt demokratiýanyň başlangyç etapynda we oňa entek hukuk goraýyş meselelerinde köp tejribe toplamak gerek. Men muňa düşünýärin we bu ýerde haýsydyr bir göwni geçme barada söz bolup bilmez. Elbetde, hiç kime ýokardan, ýöne ýerden azatlyk we hukuk berlenok, olary almak üçin göreşmeli, berk durmaly bolýar. Biz hut şu iş bilen hem meşgullandyk, meşgullanýarys we we meşgullanarys.

Gepiň gerdişine aýtsam, biz – türkmen aktiwistleri diňe Wenada geçjek konferensiýa däl, ÝHHG-niň Astanada geçjek maslahatyna gatnaşmaga-da taýýarlyk görýäris.

Azatlyk Radiosy: Siz Warşawa saparyňyzda ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryňyzdan soň Halkara guramalary, olaryň dilde, kagyz ýüzünde aýdýan zatlary hem iş ýüzünde edýän hereketleri, bu guramalara wekilçilik edýän resmileriň pozisiýalary barada nähili netijä geldiňiz? Aýdaly, Gazagystan häzir ÝHHG-niň başlygy. Bu guramada gazak pozisiýasy bilen beýleki ýurtlaryň pozisiýasy näderejede tapawutlanýar?

Annadurdy Hajyýew: Biz hem hemişe şu barada aýdyp gelýäris, eger söz bilen iş aýry çyksa, onda gapma-garşylyk, lapykeçlik, çynlakaý konfliktler bolar. Men ýokarda hem aýtdym, Gazagystana entek köp zady öwrenmek gerek, bu kadaly zat. Emma Türkmenistan şuny hem edenok, hakyky ädimlere tarap ugur alman, deklarasiýalar bilen ýaşaýar.

ÝHHG we onuň Demokratiki institutlar we adam hukuklary edarasy resmi häkimiýetler bilen aktiwistleriň arasynda dialog, gepleşik üçin özboluşly mümkinçlik döretmek maksadyndan ugur alýar. Biz her ýyl türkmen delegasiýasynyň wekilleri bilen şeýle maslahat edilmegine garaşýarys. Biz olara öz toplan dokumentlerimizi, materiallarymyzy görkezmek we deklarasiýalar bilen meşgul bolmagyň deregine üstünde işlemeli çynlakaý meselelere üns bermegi teklip teklip etmek isleýäris.

Konferensiýanyň geçýän günleri ABŞ-nyň, Kanadanyň, Norwegiýanyň, ÝB-niň resmi delegasiýalarynyň wekilleri türkmen tarapynyň bu hili maslahatlara gatnaşmazlygynyň sebäbine düşünmeýändiklerini aýtdylar. Olar Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen gyzyklandylar, biziň pikir-garaýyşlarymyzy diňlediler. Emma olar türkmen tarapynyň hem pikirini eşitmek isleýärler. Emma resmi Aşgabat olary şu mümkinçilikden mahrum edýär. Beýle ýagdaýda-da bir iş bolarmy diýesiň gelýär. Mysal üçin, Özbegistanam awtoritar ýurt hasaplanýar, emma olar dialoga gatnaşýarlar, aktiwistleri diňleýärler.

Gepiň gerdişine aýtsam, biz Günbataryň delegasiýalarynyň Türkmenistanyň BMG arkaly owgan meselesi, hususan-da Aşgabatda geçirilmegi teklip edilýän umumysebit dialogynyň mehanizmi boýunça teklip eden inisiatiwasy barada näme pikir edýändiklerini soradyk. «Türkmenleriň özi öňdebaryjy döwletleriň, halkara guramalarynyň, aýdaly, partiýalary hasaba almak, garaşsyz metbugata ýol açmak, Gyzyl haç komitetiniň ekspertlerini türmelere goýbermek, býudjet aýanlygy ýaly tekliplerini eşitmezlige salyp, nähili inisitiwa bilen çkyş edip bilýär? Ilki özüň gepleşiklere gatnaşman, şol bir wagtda-da bir zatlary teklip etseň nähili bolar?» diýip, olar biziň soragymyza sorag bilen jogap berdiler.

Halkara diplomatiýasynyň düýpden äsgerilmezliginiň ýene bir mysaly. Goňşy ýurtlaryň birinden gelen diplomat özleriniň Türkmenistana 70-den gowrak nota we sorag iberendigini, emma Aşgabadyň olaryň diňe 4-5-sine jogap berendigini aýdyp zeýrendi. Bu türkmen tarapynyň öz daşary ýurtly kärdeşlerini sylamaýandygyny görkezýär. Bu diplomatiki ölçegler boýunça-da gelşikli zat däl. Şu sebäpden daşary ýurt diplomatlary türkmen inisiatiwalaryna we beýanatlaryna çynlakaý bir zat hökmünde garaman, gapdaldan çykan ses ýaly garaýarlar. Hatda daşary ýurt liderleriniň türkmen prezidentine göni telefon edip, iberilýän hatlara nähilem bolsa bir jogap bermegini soramagyna baryp ýetilýän halatlary hem bolýar.

Soňky mysal: günbatarly žurnalistleriň biri BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň işgärinden ol ýerde näme iş edýändiklerini sorady. Emma ol «geliň, biziň goňşy ýurtlarda näme işleýänimiz barada gürrüň edeliň-le» diýip jogap berdi.

Azatlyk Radiosy: Siz syýasatçy hökmünde hukuklaryny goramak isleýän raýatlara näme aýdardyňyz?

Annadurdy Hajyýew. Hemme zat biziň öz elimizde. Seň üçin kimdir birleriniň mesele çözerine garaşmak gerek däl. Mysal üçin, biz konferensiýada bäherdenli Sazak Durdymyradowyň partiýasynyň hasaba alynmagy, žurnalist Allamyrat Rahymowyň deportasiýa edilmegi, žurnalist Soltan Açylowanyň ýanalmalary, türmede saklanýan syýasy tussagalaryň we graždan aktiwistleriniň işlerine gaýtadan seredilmegi we beýlekiler hakynda anyk meseleleri gozgadyk.

Azatlyk Radiosy: Annadurdy, käte ýurt içinden ÝHHG-niň işi barada lapykeç pikirler eşidilýär. Siz Warşawa wakasyndan soň bu gurama we onuň işi barada nähili netijä geldiňiz?

Annadurdy Hajyýew: Hawa, soňky wagtlar ÝHHG-niň demokratiki proseslere täsir ýetirýän gurama hökmünde öz möwritini ötürendigi baradaky pikirler eşidilýär. Emma ÝHHG-niň konferensiýalarynda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň, orta atylýan teklipleriň resmi delegasiýalaryň hemmesi tarapyndan bellige alynýandygyny aýtmak gerek. Mysal üçin, ýewropalylar hatda özleri türkmen gazyny alsalar hem, barybir adam hukuklarynyň berjaý edilmelidigini ýatlatjakdyklaryny we türkmen häkimiýetleriniň maliýe çeşmeleriniň aýdyňlygyny talap etjekdiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG