Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fareed Zakariýa üçin dört sorag


Awtor we kommentator Fareed Zakariýa
Awtor we kommentator Fareed Zakariýa

10-12-nji oktýabr aralygynda Çehiýanyň paýtagty Pragada “Forum-2000” atly halkara forum geçirildi. Konferensiýanyň bu ýylky temasy “Biziň ýaşamak isleýän dünýämiz” diýlip atlandyryldy. Oňa Nobel baýragynyň eýesi Şirin Ebadi, awtor we kommentator Fareed Zakariýa, žurnalist Eduard Lukas, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri we Çehiýanyň öňki prezidenti Waslaw Hawel hem gatnaşdy.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir konferensiýa gatnaşýan “Newsweek International” neşiriniň redaktory, “Washington Post” gazetiniň kommentatory, CNN telekanalyndaky “Fareed Zakaria GPS” gepleşiginiň alyp baryjsy Fareed Zakariýa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bu konferensiýanyň temasy: “Biziň ýaşamak isleýän dünýämiz” diýlip atlandyrylýar. Sowet Soýuzy dargaly bäri 20 ýyl töweregi wagt geçdi. Eger şu günki gün şol Soýuzy emele getiren ýurtlardaky ýagdaýlara syn etsek, oňa “Biziň ýaşamak isleýän dünýämiz” diýip, baha berip bolarmy?

Fareed Zakariýa: Ýok, seret, bu ýagdaýa köp ugurly nukdaýnazardan baha bermek zerur. Men soňky 25 ýylyň dowamynda biziň ýaşaýan dünýämizde uly özgerişligiň bolanlygyny aýdyp biljek. Elbetde, bu ösüş käbir regionlary öz içine almaýar, şol regionlardan meni has lapykeç edýäni – postsowet giňişligine girýän ýurtlardyr. Olar esasanam Belarus, Ukraina we Merkezi Aziýada ýerleşýän respublikalardyr. Şol regionda ýagdaýyň gaty haýal özgerýänligini aýdyp bolarmy diýip sorag bermegiňiz mümkin, hakykatda welin, şol regionda ösüş bar diýerlik göze ilýän zat ýok.

Ykdysady ösüş bar diýilýän ýurtlara seredilende hem bu ösüşiň diňe tebigy baýlykdan gelýän girdejä degişlidigini aýdyp bolar. Onsoň şol ösüşlere “Saud Arabystanynyň ösüş modeli” diýip, baha berse bolar. Sebäbi şol ýurtlarda ulakan dükanlar we owadan maşynlar gözüňize ilýär, ýöne şeýle zatlaryň bolmagy olaryň şol ýurtlarda döredilenligini aňlatmaýar. Iş ýüzünde bu mümkinçilikler, şol territoriýada tapylan ýerasty baýlyklar bilen bagly.

Olaryň eden işi şol baýlygy diňe ýeriň astyndan gazyp çykarmagydyr, şeýdibem olar ýaňky aýdylýan mümkinçiliklere eýe boldular. Aýtjak bolýan zadym, bu hakyky ösüş däl, belkem, diňe emeli ösüşdir.

Azatlyk Radiosy: Owganystanda talybanlaryň häkimiýet başyndan agdarylmagyndan soňra 10 ýyl töweregi wagt geçdi. Owganystandaky ýagdaýlara siz nähili baha berip biljek, ýagny şol ýurtda haýsydyr bir ösüş gözüňize ilýärmi?

Fareed Zakariýa: Talybanlaryň ýolbaşçylyk edýän döwri bilen deňeşdirilende, Owganystanyň häzirki ýagdaýy, elbetde, örän oňat. Talybanlaryň yzygiderli adamlaryň kellesini kesip öldürenligini unutmaň! Olar ähli kino zallaryny gadagan edipdiler, olar etniki taýdan azçylykda bolan ilatyň uly bir bölegini wagşylyk bilen jezalandyrypdylar.

Diýmek, Owganystanda ösüşiň bolandygy gürrüňsiz, emma ol ýeterlikmi diýseňiz, elbetde, siziň soragyňyza berjek jogabym “ýok” bolar. Serediň, Owganystan dünýäniň iň erbet ýurtlarynyň hatarynda üçünji orunda dur. Bu ýurduň ertiriň özünde “Fransiýa” öwrüljekdigini aýdyp bilmeris, şeýle bir zada garaşyp hem bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Pakistanda ýagdaýlaryň ugry neneňsi?

Fareed Zakariýa: Ol gowy däl. Pakistana gezek gelende, meniň pikirlerim onçakly optimistik däl. Käbir beýleki nukdaýnazardan seredilende, Pakistan iň ullakan problemalardan biri, sebäbi Al-Kaýdanyň dünýädaky iň uly merkezi Pakistanda, Owganystanda däl.

Azatlyk Radiosy: Biz häzirki dowam edýän ykdysady krizisden soňra nähili bir dünýä garaşyp bileris, käbir synçylar bu krizise liberal bazaryň sebäp bolanlygyny aýdýarlar?


Fareed Zakariýa: Hakykata garanda, häzirki dowam edýän ykdysady krizisde ähli zat şowsuz boldy. Ony gurnaýanlar bilen bir hatarda maliýe senagaty hem şowsuz boldy. Käbirleriniň döwletiň şowsuz bolmanlygyny aýdasy gelýär, emma diňe döwlet däl, olar tarapyndan eýeçilik edilýän 100-lerçe edaralar hem şowsuz boldular.

Bütin dünýäniň Merkezi Banklary-da şowsuzlyk bilen ýüzbe-ýüz boldular. Jaýlaryň aluw-satuwy we emläk bilen gyzyklanýan gulluklar, esasanam ABŞ-daky, Britaniýadaky we Ispaniýadaky şeýle edaralar şowsuzlyga sezewar boldular.

Ýagdaýy synlap, nämäniň dogrudygyny kesgitlejek bolsak, onda maliýe edaralarynyň we hökümete degişli guramalaryň arasynda haýsynyň işiniň ýalňyş gurnalandygyna-da üns bermeli. Meniň pikirimçe, öňe gitmegiň ýoly – şeýle: häzirki döwürde ýüzbe-ýüz bolnan problemalaryň hötdesinden gelmek üçin bu ugurda kämil guramaçylyk düzgünlerini ýola goýmak zerur.

Emma men biziň erkin bazardan we söwdanyň esasy prinsiplerinden ýüz öwürmejegimize kepil geçip biljek, sebäbi soňky 30 ýylyň dowamynda biz şol usuldan peýdalanyp, köp ýurtlary garyplykdan gutardyk. Bu ugurda henize çenli şol usuldan gowusy tapylmady. Ösüş gazanmak isleýän ýurtlar edaralary hökümetiň eýeçiligine tabşyryp däl-de, eýse öz bazarlaryny açmak arkaly üstünlik gazanyp bilerler.

Käbir adamlaryň bu usuly halamazlyklaram mümkin, emma eger sen halkyň ýaşaýyş derejesini ösdürmek we içerki önümi artdyrmak isleýän bolsaň, şol usuldan başga çykalganyň ýokdugyna göz ýetirjegiň ikuçsyz.
XS
SM
MD
LG