Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz saýlawlarynyň netijesi jedelli


Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 10-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerini yglan etdi.

Saýlawlara gatanaşan 29 partiýadan bäşisiniň ýeňiş gazanandygy belli boldy. Ýeňiş gazanan partiýalar Merkezi saýlaw komissiýasynyň saýlawlaryň netijesi barada çykaran karary bilen ylalaşýandyklaryny aýtdylar.

Ýeniş gazanan bäş partiýanyň içinden oppozision partiýalar «Ata Žurt» bilen «Ar-Namys» partiýalary bir koalisiýa, «Ata Meken» bilen «Sosial-Demokratlar» hem beýleki bir koalisiýany düzerler. «Respublika» partiýasy haýsy tarapa goşulsa, şol tarapyň terezisiniň agyr boljakdygy aýdylýar.

20-den gowrak partiýa göreşmekçi

Ýeňiş gazanyp bilmedik käbir partiýalar berlen seseleri täzeden sanamagy talap edýärler. 10-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleriniň aç-açan däldigine şübhelenýän 20-den gowrak partiýa özara birleşip, hakykat üçin göreşmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

“Zamandaş” partiýasynyň başlygy Muktar Omarakunow berlen sesleri sanamak prosesindäki kanuny bozmalar boýunça Merkezi saýlaw komissiýasyna we Baş prokuratura arza ýollandygyny aýdýar: “Saýlawlaryň netijelerine ynanmaýarys. Elbetde, olaryň işini nola deňäp bolmaz. Emma bizi käbir bölümlerderdäki kanuny bozmalar alada goýýar”.

Muktar Omarakunowyň aýtmagyna görä, käbir bölümlerde “Zamandaş” partiýasyna berlen sesler başga partiýalara geçirilipdir, şeýle hem partiýalaryň arasynda etika kodeksine gol goýulsa-da onuň talaplary doly ýerine ýetirilmändir.

“Zamandaş” partiýasynyň başlygy Omarkunow ýurduň prezidenti Roza Otunbaýewanyň hem käbir partiýalaryň sesleriniň gaýtadan sanalmagyna garşy däldigini belleýär. Ol ses berlişikde kanun bozuldy diýlen fakt bilen ýedi partiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasyna sesleri gaýtadan sanamak talaby bilen arza berendigini aýdýar.

Ýeňiş gazanmasalaram razy

Birnäçe ýyldan bäri işläp gelýän, emma saýlawlarda ýeňiş gazanyp bilmedik partiýalar bu saýlawlarda puluň uly rol oýnandygyny aýdýarlar. Olar saýlawlaryň öňküler bilen deňeşdirilende arassa, adalatly geçendigini belleseler-de, käbir ýerlerde kanuny bozmalaryň bolandygyny öňe sürýärler.

“Garaşsyz Gyrgyzystan” partiýasynyň lideri Talaý Aýdarow ýeňiş gazanyp bilmändiklerine “namys etmeýär”. “Biz käbir kanuny bozmalaryň bolandygyny anyk bilýäris. Daşdan gelen synçylar saýlawlary öwýärler. Emma saýlawlar hemme ýerde des-deň aç-açan geçmedi” diýip, T.Aýdarow aýdýar.

7-nji aprelde hökümetiň başyna gelen, emma saýlawlarda ýeňiş gazanyp bilmedik “Ak Şumkar” partiýasy ses berişlikde kanuny bozmalaryň bolandygyna garamazdan, Merkezi saýlaw komissiýasynyň çykaran netijeleri bilen ylalaşýandygyny aýtdy. Partiýanyň lideri Temir Saryýew halkyň dynç, parahat ýaşamagy üçin şeýle karara gelendiklerini belleýär.

“Utulmagyň özi ajy bolýar. Biz hem ýeňiş gazanyp bilmedik. Biziň hem içimiz awaýar. Maňa müňläp adamlar jaň edip, aglaýarlar. Emma nähili ajy bolmasyn, käbir saýlaw bölümlerinde kanuny bozmalar bolan bolsa-da, Gyrgyzystanyň geljeginiň aladasyny edip, saýlawlaryň netijeleri bilen ylalaşdyk. Bu biziň ýurduň dynçlygynyň aladasyny edip, saýlan ýolumyz boldy” diýip, Temir Saryýew aýdýar.

Ýagdaý durnukly

Berlen sesleri gaýtadan sanamak talaplary kabul edilen “Ar-Namys” we “Ata Žurt” partiýalarynyň agzalary ylalaşdylar. Emma “Sosial-Demokratlar” partiýasynyň koordinatory Farid Niýazow sesleriň däl-de, protokollaryň sanalmalydygyny nygtady we bu meseläni Merkezi saýlaw komissiýasynyň çözjekdigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde-de ýurtda närazylyk aksiýalary hem dowam edýär. 7-nji aprelde oka tutulanlaryň 50-den gowrak garyndaşlary parlamentiň binasynyň öňüne mitinge çykdylar. Olar düzüminde öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň mahalynda işlän adamlar bolan oppozisiýadaky «Ata Žurt» partiýasynyň saýlawlarda köp ses alanyna närazy boldular. Şol sebäpden olar hem sesleri tazeden saýlamagy talap etdiler.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Akylbek Saryýewiň çarşenbe güni geçiren metbugat konferensiýasynda: «Eger-de hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen partiýanyň synçylarynyň protokollarynda uly tapawut bar bolsa, biz sesleri täzeden sanamaga we her bir fakty barlap görmäge taýýar» diýdi.

Parlament saýlawlary bilen baglanyşykly dürli syýasy çekişmeler dowam etse-de, häzirki wagtda Gyrgyzystanda ýagdaýyň durnuklydygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG