Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistiň ýagdaýyna alada bildirilýär


«Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin. Surata düşüren Amnesty International guramasyndan Ilya van Marle
«Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin. Surata düşüren Amnesty International guramasyndan Ilya van Marle

Londonda ýerleşýän “Amnesty International” we Nýu Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramalary adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň başlygy Farid Tuhbatulline çynlakaý zyýan ýetirilmek ähtimallygy barada beýanat ýaýratdy.

“Amnesty International” we “Human Rights Watch” guramalarynyň beýanatynda düýbi Wenada ýerleşýän döwlete degişli däl guramanyň direktoryna Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň agentleriniň bir zat etmeginden alada bildirilýär.

Adynyň aýdylmazlygyny talap eden ynamdar çeşmäniň aýtmagyna görä, ministrligiň resmileri Farid Tuhbatullinden “ümsüm dynmak”, ýagny onuň yzyny yzarlamasy kyn ýagdaýda, hamala diýersiň ýürek durmasyndan ýa ýol hadysasyndan heläk bolmagy barada maslahat edipdirler diýip, beýanatda aýdylýar we bu maglumata çynlakaý garalmalydygy öňe sürülýär.

1990-njy ýyllaryň ilkinji ýarymynda Farid Tuhbatullin Daşoguzdaky daşky gurşaw boýunça hökümete degişli däl gurama bilen işleşdi, şeýle hem Türkmenistandaky adam hukuklarynyň bozulmalary barada maglumat ýygnady. 2002-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Moskwada geçirilen adam hukuklary boýunça konferensiýa gatnaşandan soň, ony Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri Daşoguzdaky öýünde tussag etdiler. ÝHHG-niň, ABŞ-nyň hökümetiniň we birnäçe halkara guramalaryň eden basyşlary netijesinde, ol 2003-nji ýylyň aprel aýynda tussaglykdan boşadyldy. Emma “jenaýat edendigini” kabul etmek we ötünç soramak boýnuna goýuldy.

Häzir Wenada ýaşaýan «Türkmen inisiwasy» toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin özüne haýbat atylýandygyny, öz guramasynyň Türkmenistanyň hronikasy atly internet saýdyna bolsa hüjüm edilendigini aýdýar. Ol bu hüjümiň 28-nji sentýabrda K+ atly hemra telekanalyna interwýu berenden soň we bu interwýu 29-njy sentýabrda gaýtalanyp görkezilenden soň edilendigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy Farid Tuhbatullinden bu ýagdaý barada giňräk gürrüň bermegini haýyş etdi. Söhbetdeşligi Ýowşan Annagurban geçirdi.

Farid Tuhbatullin: Hakykdatdanam, ýadyňyzda bolsa, prezident Berdimuhamedow sentýabryň aýagynda ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 19 ýyllygy mynasybetli çap eden beýanatynda howpsuzlyk işgärlerini neşe söwdegärlerine we beýlekilere, şol sanda demokratik, dünýewi esasly türkmen döwleti barada “töhmetçilikli maglumat ýaýradýanlara” garşy barlyşyksyz göşmäge çagyrdy.

Bilşiňiz ýaly, biziň internet saýtymyzda Türkmenistan hakynda dürli materiallar, şol sanda sosial ýagdaý, adam hukuklary bilen bagly problemalar barada tankydy makalalar çap edilýär. Görnüşine görä, bu türkmen häkimiýetlerine ýaramaýan ýaly. Men bu edil şu ýagdaý bilen bagly diýip tassyklap biljek däl, ýöne şol beýanat çap edilenden soň biziň internet saýtymyzyň işinde bökedençlik döredi. Biz häzir doly ýagdaýda bolmasa hem öz internet saýtmyzyň işini dikeltdik, ol işleýär. Biz ýakyn wagtda bu problemany doly çözeris diýip umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Farid, sizde öz saýtyňyza edilen hüjümiň prezidentiň 30-njy sentýabrdaky beýanaty bilen baglydygyny tassyklaýan başga delil ýa bu meselede goşmaça aýdyp boljak zat barmy?

Farid Tuhbatullin: Soňky bir ýylyň dowamynda meniň özüme şeýle basyş edilýändigi duýulýar, hatda tomusda bir zaman Türkmenistanda meniň çagalarym bilen mekdepde bile okan oglanlar hem kynçylyga salyndy. Bularyň hemmesi türkmen häkimiýetleriniň psihologiki basyş etmäge çalyşýandygyny görkezýär. Häzir bizde bu meselede fiziki çäreleriň görülmek ähtimallygy ýa-da işiň şu ugra gönügýänligi hakynda-da maglumat bar. Onsoň men bu ýagdaý baradaky aladalarymy halkara guramalaryndaky kärdeşlerim bilen bölüşmeli boldum. Olar maňa häzir öz howpsuzlygymyň üpjün edilmegi üçin Awstriýanyň häkimiýetlerine ýüz tutmagy maslahat berýärler.

Belki-de bu ädimler diňe gorkuzmak we dymmaga mejbur etmek üçin ädilýändir. Men gelýän günlerde ýagdaý birneme aýdyňlaşar diýip, umyt edýärin. Emma maňa arada durýan adamlaryň üstünden ýa elektron poçta arkaly esli wagt bäri haýbat atylýar. Şeýle bir zadyň bolmak ähtimallygy barada has bir ýokary guramadan berlen maglumat hem bar.
XS
SM
MD
LG