Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Ahmedinejad Liwana sapara bardy


Eýranyň prezidenti Ahmedinejad Liwana iki günlük resmi sapara bardy. Ol saparynyň dowamynda Liwanyň prezidenti Maýkl Suleýman we premýer-ministr Saad Hariri bilen gepleşikler geçirer.

Şaýy topary bolan Hizbullahyň Ysraýyl serhedinde ýerleşýän iki sany berkitmesinde Ahmedinejadyň çykyş etmegine garaşylýar.

Ahmedinejadyň Liwana gelmegini ýerli halk uly şowhun bilen garşylady. Liwanyň ýollary Eýranyň baýdaklary we Ahmedinejadyň portretleri bilen bezeldi.

Liwanyň mejlisindäki Günbatar tarapdary köpçülik Ahmedinejadyň saparyny berk tankytlaýar. Prezident Ahmedinejad Liwany “Eýran ýaly daşky dünýäden üzňelikdäki ýurda öwürmek isleýär” diýip, mejlisiň agzalary aýdýarlar.

Eýranyň prezidenti Ahmedinejadyň bu sapary ABŞ-da we Ysraýylda hem nägilelik döretdi.
XS
SM
MD
LG