Sepleriň elýeterliligi

Çilide ýeriň aşagynda galan magdançylar halas edilýär


Çarşenbe güni Çilide iki aýdan gowrak wagt bäri ýüzlerçe metr ýeriň astynda galan magdançylary halas ediş çäresi başlandy.

Ýörite gurnalan halas ediş demir sebeti 622 metr çuňluga girip, häzire çenli 20-ä golaý magdançyny halas etdi. Bu halas ediş çäreleri iki güne çeker diýlip çaklanylýar.

Şol halas ediş çäresine Çiliniň prezidenti Sebastian Pinera hem gatnaşýar.

Çiliniň demirgazygyndaky Atakama çöllüginiň gyzyl çykarylýan ýerinde bolan heläkçilikde 33 sany magdançy ýeriň aşagynda galypdy. Heläkçilikden soňra 17 günläp ol ýerde işlän magdançylar heläk boldy diýlip, çak edilipdi.

69 günläp ýeriň aşagynda gabalan magdançylar ýeriň aşagynda galan möhletleri boýunça dünýä rekordyny täzelediler.
XS
SM
MD
LG