Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň demirgazygyndaky partlamada 18 adam öldi


Sişenbe güni giçlik Eýranyň demirgazygyndaky Lorestan welaýatynda Rewolýusiýanyň sakçylarynyň harby bazasy partladyldy. Partlatma netijesinde 18 adam öldi we 14 adam ýaralandy.

Rewolýusiýanyň sakçyklary Eýrandaky 1979-njy ýylyň Rewolýusiýasyndan soň Yslam sistemasyny goramak maksady bilen döredilipdi.

Häzirki döwürde Rewolýusiýanyň sakçylary ýurduň esasy harby, syýasy we ykdysady güýjüne öwrüldi.

Soňky aýlaryň dowamynda Eýranyň demirgazygy kürt gozgalaňçylarynyň birnäçe hüjümlerine sezewar boldy.
XS
SM
MD
LG