Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Päkistanda ekstermistleriň bäşisi öldürildi


Päkistanyň demirgazyk-günbatarynda howadan urlan zarbada çak edilýän ekstermistleriň azyndan bäşisi öldi.

“Al-Kaýydanyň” söweşijileriniň we talyplaryň hereket edýän ýeri bolan Demirgazyk Weziristanda geçirilýän operasiýanyň gidişinde bir öý bilen iki maşynyň zarbanyň nyşanasy bolandygyny ýerli administrasiýadaky çeşme habar berdi.

Bu eýýäm şu aýyň başyndan bäri owgan serhedine ýakyn erde geçirilen 14-nji operasiýadyr.
XS
SM
MD
LG