Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsyetli adam hukuklaryny goraýjylar Britan resmisi bilen duşuşdy


Orsýetli adam hukuklaryny goraýjylar düýn Moskwa sapar bilen gelen Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Uilýam Heýg bilen duşuşdylar diýip, şol gürrüňe gatnaşan “Adam hukuklary ugrunda” hereketiniň lideri Lew Ponomarýow habar berdi.

Adam hukuklaryny goraýjylar britan ministrine Orsýetde adam hukuklary bilen bagly problemalar, hususan-da, oppozisiýanyň yzarlanmalary, habar serişdelerine senzura, tussaglaryň gynalyşy barada gürrüň berdiler.

Olar geçen ýylyň noýabr aýynda wagtlaýyn tussaglaryň saklanýan ýerinde Magnitskiniň ölümine gatnaşygy bolan ors çinowniklerine wiza bermezlige Britaniýanyň daşary işler ministrini çagyrdylar.

Gürrüňdeşlikden soň Uilýam Heýg adam hukuklaryny britan häkimiýetleriniň örän möhüm hasap edýändigini, bu meseläniň maslahat edilmeginiň başga bir ýurduň içerki işlerine asla goşulyşmak däldigini belledi.
XS
SM
MD
LG