Sepleriň elýeterliligi

Kreml: Orsýet-Belarus gatnaşyklaryna şans bar


Orsýet Belarus bilen gatnaşyklary öňki derejesine ýetirmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýar diýip, Belarusyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri üçin Kremlde gurnalan brifingde Orsýetiň prezidentiniň administrasiýasynyň baştutany Sergeý Naryşkin düýn aýtdy.

Ýöne, onuň sözlerine görä, soňky döwür Orsýet bilen bagly ýöredilýän syýasatyň zyýanlydygyna Minskide düşünmekleri zerur.

Orsýetiň köpçülikleýin habar serişdelerinde özüne garşy informasion kampaniýanyň gurnalmagynda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukoşenko Kremli aýyplandan soň Orsýet bilen Belarusyň arasyndaky gatnaşyklar birden ýaramazlaşdy.

Şonda muňa jogap hökmünde Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew “Belarus ýolbaşçylary, hut Lukoşenkonyň özi iki ýurduň halklaryny alagöz etjek bolýar” diýipdi.
XS
SM
MD
LG