Sepleriň elýeterliligi

Owgan hökümeti bilen ýaraşyk gepleşiklerini talyplar ret edýär


Owganystanyň prezidenti Hamyt Karzaýyň talyplaryň owgan häkimiýetleri bilen ýaraşyk gepleşiklerini alyp barýandygy baradaky beýannamasyny talyplar düýn ýalana çykardy.

Yslam internet saýtlarynyň birinde talyplaryň wekiliniň şeýle gepleşikleriň başlanandygy barada Karzaýyň tassyklamasy “galp myş-myş” diýen beýannamasy peýda boldy.

Bu barasynda ekstremistik Internet saýtlaryna gözegçilik edýän Amerikanyň SITE Intelligence Group guramasy habar berdi.

Owgan häkimiýetleri ýakynda söweşijiler bilen aragatnaşygy ýola goýup, olary ýaragy taşlamaga yrmaly ýörite geňeş döredipdi.
XS
SM
MD
LG