Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da jenaýatçy toparyň 44 agzasyna günä bildirildi


ABŞ-da jenaýatçy toparyň 44 agzasyna günä bildirildi. Kanun goraýjy organlaryň maglumatyna görä, olar medisina atiýaçlandyryş galplyklary bilen meşgullanypdyr.

Günä bildirilenleriň köpüsi Ermenistanda doglan. Toparyň ýolbaşçysy 1996-njy ýylda bosgunlyk durumyny alan Armen Kazarýan. Derňew materiallarynda ol “kanuny ogry” diýlip görkezilipdir.

Nýu-Ýorkda we Los-Anjelesde ýerleşen jenaýatçy toparyň alyp baran işinden ýeten zyýan ýüz million dollardan agdyk.

Garrylara kömek bermegi maksat edinen “Medicare” federal programmasynyň çäklerinde galplygyň şunuň ýaly uly möçberi bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolandyklaryny amerikan häkimiýetleri nygtaýarlar.
XS
SM
MD
LG