Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Liwana saparyny tamamlaýar


Eýranyň prezidenti Ahmedinejat şu gün Ysraýyl bilen serhetdeş etraplara barmak bilen Liwana saparyny tamamlar. Ol düýn Beýrutda Liwanyň prezidenti Mişel Süleýman bilen gepleşikler geçirdi.

Ahmedinejat, hususan-da: “Eýran diňe bir şaýylar jemgyýeti bilen däl, tutuş liwan halky bilen soýuzdaş bolmaga ýykgyn edýär” - diýdi.

“Şu regionyň ähli halky ýaly, liwan halkynyň-da öz problemalaryny özleriniň çözmäge, hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary adalatlylyk we birek-birege hormat goýmak esaslarda ösdürmäge ukyplydygyna biz ynanýarys. Biziň regionymyza daşarky güýçleriň goşulmagy gerek däl” – diýip, Eýranyň prezidenti aýtdy.

Ahmedinejat şeýle-de, öz sözleri bilen aýdylanda, “sionistik agressiýa “garşy durmakda iki ýurduň agzybirdigini nygtady. Ol radikal şaýy “Hezbollah” topary tarapyndan gözegçilik edilýän Liwanyň günorta etraplaryna baryp görmekçi.

ABŞ, Ysraýyl we Günbatara tarapdar ençeme syýasatçylar eýran prezidentiniň sapary bilen bagly alada bildirdiler. Olaryň pikiriçe, bu sapar tutuş regionda ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga itergi berer.
XS
SM
MD
LG