Sepleriň elýeterliligi

Çilide magdançylary halas etmek işi tamamlandy


Çiliniň demirgazygynda iki aý gowrak wagt bäri ýeriň aşagynda oturan magdançylary halas etmek işi tamamlandy.

600 metr gowrak çuňlukdan ýörite ýasalan göteriji guralyň kömegi bilen 33 magdançynyň ählisi çykaryldy. Ýokarda olary ýakynlary, dostlary, şeýle-de Çiliniň prezidenti Sebastýan Pinýera aýaly bilen ýeke-ýekeden garşylady.

Dünýäniň ençeme döwlet we hökümet baştutanlary bu halas ediş operasiýasy bilen Çiliniň prezidentini gutlady. Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bilen telefon gürrüňde Çiliniň prezidenti şeýle diýdi: “Bu hakykatdan-da gudratly agşam, duýgular gaýnyp joşýar. Ýeriň teýinden magdançylar peýda bolanda, oňa garaşyp duran adamlaryň nähili duýguldary başdan geçirýändigini göz öňüne getirip bilýän dälsiňiz. Magdançylar gujur-gaýrat, şeýle bir ynam bilen ýokary çykýarlar. Bu bir gudrat. Biz muny hiç wagt unutmarys”.
XS
SM
MD
LG