Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG ukrain häkimiýetlerini metbugat azatlygyna çagyrdy


ÝHHG žurnalistlere hüjümleri derňemäge we ýurtda metbugat azatlygyny üpjün etmäge Ukrainanyň häkimiýetlerini çagyrdy.

Düýn Kiýewde çykyş eden ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç häkimiýetleriň diňe bir ýazgaryjy beýannamalar bilen çäklenmeli däldigini, wakalary örän çalt hem netijeli derňemelidigini belledi. Mysal hökmünde Miýatowiç ýakynda harkowly žurnalist Wasiliý Klimentýewiň ýitirim bolmagyny getirdi.

Şu ýylyň başynda häzirki prezident Wiktor Ýanukowiç häkimiýet başyna gelenden soň ýurtda metbugat azatlygy bilen bagly ýagdaýyň ýaramazlaşandygyny ukrain žurnalistleri ençeme gezek aýtdylar.
XS
SM
MD
LG