Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministriliginiň ýa-da halk arasynda KNB diýlip tanalýan edaranyň döredilmeginiň 19 ýyllygy mynasybetli ýollan gutlagynda ýurduň prezidenti bu gullugyň işinden hoşaldygyny aýtdy. Şol bir wagtda-da ol ýurduň häzirki ýagdaýy barada öz erkin hem dogry pikirini aýdýanlary ýazgardy. Prezidentiň sözleri bilen aýtsak, ol “Demokratik, hukuk we dünýewi döwlete töhmet atýanlary” terrorçylyga, neşe gaçakçylygyna, milletparazlyga we radikal dini hereketlere baş goşýanlar bilen garyp-gatyp, türkmen çekistlerini olara garşy berk göreşmäge çagyrdy.

Prezident bu çykyşynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň kimlerden ruhlanmalydygyny-da ýatladyp geçdi. Sitata: “Siziň geljekde-de gaýduwsyz pederlerimiz bolan Baýram hanyň, Togrul begiň, Çagry begiň, Görogly begiň, Alp Arslanyň, Gökdepe galasynyň we Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň mertliginden ruhlanyp, ata Watanymyza wepaly gulluk etjekdigiňize berk ynanýaryn.” Sitatanyň soňy.

Bu ýerde atlary agzalýan Togrul beg, Çagry beg hem-de Alp Arslan kim? Olaryň atlary tanyş bolsa-da, diňleýjilere, belki, olaryň bitiren işleri jikme-jik mälim däldir?

Emma ol taryhy gahrymanlar dogruda oýlansaň, olaryň şahsyýetiniň edil şu günki gün Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerine görelde bolardan başgarakdygyny boýun aýtmak zerur. Sebäbi olaryň Orta asyrlarda ýaşap geçendigini we şoňa görä-de hereket edendiklerini bellemeli bolýar. Has takygy, olar diňe bir dogduk topragy goraman, eýse basybalyjylykly uruşlar bilen hem meşgullanypdyrlar.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy tarapyndan 1959-njy ýylda neşir edilen “Türkmenistan SSR-niň taryhy” atly üç kitapdan ýbarat iki tomlukda ol serkerdeler hakda maglumatlar bar. Taryhçylaryň galdyran ýazgylaryndan çen tutsaň, prezidentiň çykyşynda ady agzalýan Togrul beg Çagry begiň inisi bolmaly. Ibn al-Asiriň ýazmagyna görä, Togrul beg agasy Çagry beg ölenden soň, onuň dul galan aýalyna hem öýlenipdir.

Türkmen topragyny Gaznawyçylardan azat edensoňlar bu iki türkmen soltany soňra Gündogarda basybalyjykly uruşlary alyp barypdyrlar. Ol uruşlaryň ahyrky netijeleri barada ýatlanan işiň birinji kitabynda şeýle ýazylýar: “Eýýäm 1040-njy ýylda Çagry beg Balhy basyp alypdyr, onuň yzyndan bolsa Horezme tarap ugrapdyr… Şol wagtyň özünde Togrul beg Eýranyň üstüne ýöriş gurapdyr… Ol Hazar ýakasyndaky welaýatlary (Gürgeni, Tabarystany, Azerbaýjany), günorta Eýrany (Farystany) basyp alypdyr we öz paýtagtyny Reýe geçiripdir. Şonuň bilen bir wagtyň özünde Ermenistanyň, Gruziýanyň we Wizantiýanyň üstüne talaňçylykly çapawulçylyklar başlanypdyr. 1054-nji ýylda Seljuk goşunlary Yragyň üstüne aýgytly ýöriş edipdir, soňky ýyl bolsa Togrul Bagdada giripdir we Bagdat halyfyny dünýewi häkimiýetinden mahrum edipdir. Indi Azerbaýjandan Balha çenli we Horezmden Hindi okeanyna çenli bolan ägirt uly territoriýa Seljuklara degişli bolupdyr.

X1 asyryň 40-60-njy ýyllarynda Seljuklaryň basyp alyşlary wagtynda Zakawkaziýäniň we Ilerki Aziýanyň ilaty köpçülikleýin gyrlypdyr, şäherler weýran edilipdir, medeni taýdan gymmatly zatlar ýok edilipdir, ýesirler gul edilip äkidilipdir, şol basyp alyşlar bu ýurtlaryň zähmetkeş halkyny uly betbagtçylyga duçar edipdir.” Türkmenistan SSR-niň taryhy. 277-278-nji sahypalar.

Seljuk soltany Alp Arslan barada aýdylanda, ol 1063-1072-nji ýyllarda hökümdarlyk edipdir. Nyzam al-Mülküň “Syýasatnama” eserinde şeýle diýilýär: “Alp Arslan mahalynda Ermenistan basylyp alnypdyr (1064-nji ýyl), Gruziýa talaňçylykly ýörişler edilipdir (1065-nji ýyl) we Wizantiýa bilen uly çaknyşyk bolup, bu çaknyşyk Ermenistanda Mansikertiň (Melasgerdiň) ýanynda bolan söweşde Wizantiýa goşunlarynyň çym-pytrak edilmegi bilen gutarypdyr, şonda imperator Roman Diogeniň özi hem ýesir düşüpdir.

Gündogarda hem uruşlar dowam etdirilipdir. Alp Arslan Huttalýanda, Çaganianda, Hyratda we Horezmde bolan feodal pitnelerini basyp ýatyrypdyr, soňra bolsa Jendi özüne birikdiripdir.

1070-nji ýylda soltan öz ogly Mälik şany mirasdar diýip yglan edipdir we mülkleri Seljuklar urugynyň agzalarynyň arasynda täzeden paýlapdyr.” Türkmenistan SSR-niň taryhy. 292-nji sahypa.”

Şeýlelikde, prezident Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerine ol basybaljylardan haýsy ugurlarda ruhlanmagy maslahat berýärkä diýen sorag ýüze çykýar. Eger Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygyny goramaly adamlar biziň Orta asyr gahrymanlarymyzdan olaryň diňe batyrlygyny hem gahrymançylygyny öwrenseler, onda, belki, bolmanam durmazdy. Emma bu günki döwlet goragçylary Orta asyr gahrymanlaryndan başga ýurtlary basyp almagy öwrenäýseler ýa olar gara güýje daýanmagy pişe edinseler nädip bor?! Beýtseler, olar prezidenti ýüzügara edäýmezler-dä hernä?!

Eger-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri prezidentiň aýdanyna gönümel düşünip, Orta asyr serkerdeleri ýaly, adamlary sudsuz-soragsyz, günälimi-günäsiz, urup-horlamaga, gyrmaga girişäýseler, şonda nädip bolar?!

Garaz, prezidentiň bu çagyryşy näçe diýseň, ýakymsyz sorag döredýär! Şol soraglaryň gün-günden köpelip gidip oturmazlygy üçin bolsa prezidentiň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerinden ýurduň Baş kanunyna görä işlemeklerini talap etse ýerlikli bolardy. Diňe şonda ýurtda halkyň asuda ýaşaýşy hem jemgyýetiň döwrebap ösüşi mümkin bolar.

Hudaýberdi Hally Pragada ýaşaýan türmen ýazyjysy. Bu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG