Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki gyrgyz prezidenti bilen söhbet


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew: "Meniň özümiň entek Gyrgyzystana dolanma planym ýok".
Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew: "Meniň özümiň entek Gyrgyzystana dolanma planym ýok".

Gyrgyzystanda 10-njy oktýabrda geçen saýlawlarda syýasy partiýalaryň bäşisi täze parlamentde orun almak üçin ýeterlik ses gazandylar. Azat Ýerwropa we Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy bu taryhy saýlawlar bilen baglanyşykly wakalar barada Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew bilen söhbetdeş boldy.


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystanda ýaňy parlament saýlawlary geçdi. Täze parlamentden orun alan syýasy partiýalaryň käbirine siziň we siziň ýurduň daşyndaky ýaranlaryňyzyň gizlin maliýe kömegini berenligi aýdylýar. Bu dogrumy?

Kurmanbek Bakyýew: Hudaý bilýändir, bularyň hemmesi ýalan gürrüňler. Dogry, syýasy partiýalaryň käbiriniň wekilleri menden goldaw we kömek soraman durmadylar. Ýöne men olara: ‘Meniň ýagdaýyma düşüniň’ diýdim. Men hiç bir syýasy partiýa hiç hili ruhy ýa maddy kömek beremok. Sebäbi meniň bilen ozal bile işleşen öňki resmiler indi “Ata-Žurt”, “Ar-Namys”, “Respublika” we “Bütewi Gyrgyzystan” ýaly partiýalaryň içinde. Men olara: ‘Siz bir partiýada birleşip bilmediňiz. Biriňizi goldasam, beýlekiler gaty görer. Halk siziň hemmäňizi tanaýar. Olar her bir syýasatçy barada ähli zatlary bilýärler. Olar dogry karara gelerler’ diýdim. Ine, şeýle hem boldy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Haýsy partiýalaryň sizden kömek soranlygyny aýdaýsaňyz?

Kurmanbek Bakyýew: Ýok, olaryň adyny aýdyp biljek däl. Bu partiýalaryň ýolbaşçylarynyň özi meniň bilen habarlaşan bolsady, aýdardym. Ýöne käbir adamlar olaryň tarapyndan meniň adamlarym bilen gürleşipdir. Olar meniň özüm bilen göni gürleşenoklar. Kim bilýär, olaryň aýdanlarynyň näçesi çyn, näçesi ýalan. Men bular ýaly maglumatlar bilen kimdir birine zyýan ýetirmek islämok.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Saýlawyň netijelerine görä, size Gyrgyzystana barmaga gapy açyldymy? Bilşiňiz ýaly, “Ata-Žurt” partiýasynyň ýolbaşçylary saýlawyň öň ýanynda sizi ýurda getirmäge synanyşjakdyklaryny aýtdylar.

Kurmanbek Bakyýew: Birinjiden-ä, meniň Gyrgyzystana gitmek niýetim asla ýok. Ikinjiden-de, bu beýanat halkyň soragyna jogap berlip, saýlawyň öň ýanynda aýdylan zat. Meniň özümiň entek Gyrgyzystana dolanma planym ýok.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Muny aýdanlaryň biri “Ata-Žurt” partiýasynyň başlygy Kamçybek Taşyýew. Onuň bilen araňyz nähili?


Kurmanbek Bakyýew: Kamçybek Taşyýew we meniň hökümetimde bolan beýleki ministrler, şol sanda “Respublikanyň” başlygy Babanow, “Ar-Namysyň” başlygy Kulow, “Ata-Žurduň” agzasy Sultanow bilen hem gatnaşygym gowudy. Bularyň hemmesi bilen bile işleşdik. Bularyň hemmesi meniň hökümetimde bolup, meniň ýolbaşçylygymda işlän adamlar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Bu ýolbaşçylaryň käbiri bilen araňyzda şahsy dostluk barmy?

Kurmanbek Bakyýew: Açyk aýdýaryn, Gyrgyzystandan çykalym bäri bu adamlar bilen gatnaşygym ýok. Bu ýerde, Belarusda, üç gezek metbugat konferensiýasyny geçirip, žurnalistlere mundan beýläk syýasata asla goşulmajakdygymy aýtdym. Bu ýerde oturyp, syýasat ýöretmek dogry iş däl. Men bu sözümde durun.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Käbir ýurtlaryň ýolbaşçylary Gyrgyzystanda parlament sistemasy ýöremez diýýar. Siziň garaýşyňyzça, olaryň beýle pikir etmegine näme sebäp bolýar?

Kurmanbek Bakyýew: Ilki bilen aprelde geçen döwlet agdarylyşygyndan soň, gyrgyz ykdysadyýeti takmynan 10 ýyllyk ösüşi ýitirdi. Ikinjiden, parlamentde köp çekeleşik bolar. Bu hem hökümetiň işini kynlaşdyrar. Ähli zatlar barada parlament arkaly karar kabul etmeli. Häzirki günde, maliýe krizisi barka, hökümet çalt herekete geçip, çalt bir karara gelmeli. Parlament sistemasynda bu mümkin däl. Gyrgyzystanda gürrüň köpeler. Olar parlamentde biziň sistemamyz demokratik diýer-de, gürlär oturar.
XS
SM
MD
LG