Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada “demokratik giňişlik daralýar”


Stiwen Paýfer 1998-200-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçisi boldy.
Stiwen Paýfer 1998-200-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçisi boldy.

Ukrainada demokratiýanyň ýagdaýy, ýurduň yza tesip barýan häzirki wagtynda halkyň bolýan wakalara beýle biparh garamagy barada Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky öňki ilçisi Stiwen Paýfer bilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi alyp baran Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň başlygy Irena Çalupa.


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Biz siziň bilen öňki gezek fewral aýynda söhbetdeş bolupdyk. Wiktor Ýanukowiç prezidentlige ýaňy saýlanypdy. Şonda siz Ýuşenkonyň eden işleri barada aýdyp, onuň demokratiýanyň Ukrainada ornaşdyrmaga kömek edendigini, ähli syýasatçylara, hatda öz garşydaşlaryna-da goşulmaga demokratik giňişiligi döredendigini belläpdiňiz. Siziň pikiriňizçe, bu demokratik giňişlik häzirem barmy?

Stiwen Paýfer: Geçen alty aýa göz aýlasak, bu giňişlik daralyp gelýär diýip, alada etmäge delil ýok däl. Munuň mysaly, media görkezilýän gysyş barada gelip gowuşýan habarlar, SBU-nyň işjeňliginiň artanlygy, konstitusion suduň 8-nji oktýabrda çykaran karary barada hem Günbatarda köp alada bildirilýär.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: “Mämişi rewolýusiýadan” soň Ukrainada Baş kanuna üýtgetme girizilip, prezidentiň ygtyýarlyklary çäklendirilip, parlamentiň ygtyýarlyklary giňeldilipdi. Konstitusion sud ýaňy bu üýtgetmeleri aýryp, Baş kanuny öňki ýagdaýyna getirdi. Bu häkimiýeti basyp almak ýaly zat bolup görünýär. Siziň garaýşyňyzça, bu häkimiýeti basyp almakmy?

Stiwen Paýfer: Men suduň kararyna bir zat diýip biljek däl. Ýöne bu üýtgetmeler 2004-nji ýylda parlamentde 400-den köp agzanyň goldamagy bilen girizilip, bäş ýyllap ýerine ýetirilip gelindi. Onsoň konstitusion suduň birden gelip, ‘biz ýalňyşypdyrys’ diýmegi Ukrainanyň demokratiýasy üçin gowy zat däl. Ukraina yza tesýän ýaly bolýar. Meniň pikirimçe, bu Günbatarda, hem Birleşen Ştatlarda hem-de Ýewropada Ukrain demokratiýasynyň ugrunyň hanjakdygy barada alada döreder.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Ukrainanyň demokratiýanyň ýoly bilen hereketini dowam etdirmegi üçin Günbatar näme edip biler?

Stiwen Paýfer: Meniň pikirimçe, günbatar hökümetleriniň munuň aladasyny etmeginiň özi gaty möhüm zat. Olar munuň Ukraina bolan garaýyşlary üýtgedýänligini prezident Ýanukowiçe açyk bildirmeli. Men prezident Ýanukowiç özüniň Günbatardaky abraýyna ähmiýet bermeýändir öýdemok.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Käwagtlar ukrain halky passiwlikde, uzak ejir çekýänlikde aýyplanýar. Demokratiýanyň çäklendirilmegi barada hem turan gykylyk bolmady. Siziň pikiriňizçe, ukrain jemgyýetçiliginiň beýle gowşakdygyna, olaryň geçmişe dolanmak ýaly bu göçümlere beýle biparh garamagyna näme sebäp bolýar?

Stiwen Paýfer: Uzagrak oýlananyňda, Ukraina barada meni geljekden umytly edýän – ol ýerde gowy ornan graždan jemgyýetiniň bardygy we onuň çeýedigi. Ukrainlar syýasatda bolýan özgerişlere näme üçin işjeň protest bildirmeýär? Meniň pikirimçe munuň bir bölegi “Mämişi rewolýusiýadan” soň bolan wakalara baryp direýär. Men şindi-de bu gaty ähmiýetli we gaty oňyn hadysady diýip pikir edýärin. Ýöne, gynansak-da, “Mämişi rewolýusiýanyň” üstüni ýetirmäge köp mümkinçilikler barka, prezident we hökümet bu pursatlary elden berdiler. Bu ilkinji nobatda hem prezidentiň günäsi.

Meniň pikirimçe, adamlaryň sussuny peselden şu wakalar boldy. Ýöne uzak möhletleýin ukrainlar öz ýurtlarynyň nirä barýanlygy barada aladalanarlar diýip, pikir edýärin. Uzak yza tesilse, Ukrainada bu aladany ünssüz galdyrmajak graždan jemgyýetiniň zerur mehanizmi bar.
XS
SM
MD
LG