Sepleriň elýeterliligi

Brýusselde NATO-nyň goranyş boýunça duşuşgy geçirilýär


Şu gün Brýusselde NATO agza ýurtlaryň goranmak we daşary işler ministrleri indiki on ýyl üçin goranyşyň “strategiki konsepsiýasyny” düzmek üçin gepleşiklere başladylar.

Gepleşikleriň dowamynda ýaranlygyň geljekde ýüzbe-ýüz boljak internet we raketa hüjümlerine garşy göreşi maslahat edilýär. Duşuşykda NATO-nyň täze strukturasy hem kesgitlener.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen 28 döwletden ybarat ýaranlygy has täsirli etmek pikirini öňe sürdi: “NATO agza ýurtlaryň 900 million ilatyny hüjümlerden goramak boýunça esasy missiýa hiç haçan üýtgemez. Emma dünýäniň täze howplaryna täze goranyş ýollary bilen çemeleşmeli”.

ABŞ-nyň resmileri we Rasmussen NATO agza döwletleri dünýä krizisi sebapli goranyş üçin çykdaýjylary köp azaltmazlyga çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG