Sepleriň elýeterliligi

Wenesuelanyň prezidenti resmi sapar bilen Moskwa bardy


Şu gün Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez iki günlük resmi sapar bilen Moskwa bardy. Anna güni prezident Çawez Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we premýer-ministri Wladimir Putin bilen duşuşar.

Prezident Çawez Orsýetiň ýolbaşçylary bilen atom energiýasyny ösdürmek, ors tanklaryny satyn almak we iki ýurduň bank sistemasy barada gepleşikler geçirer.

Çawez soňky üç ýylyň dowamynda Orsýetden ortaça 5 mlrd. dollarlyk ýarag satyn aldy.
XS
SM
MD
LG