Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harkowda ukrain we türkmen studentleri çaknyşdylar


Ukrainanyň metbugatlarynyň maglumatyna görä, golaýda Harkowyň Milli medisina uniwersitetinde türkmenistanly studentler bilen ukrainaly studentler çaknyşdylar.

Harkow oblastynyň “WOLÝA” jemgyýetçilik guramasynyň wekili Dmitriý Pilipesiň Ukrainanyň UNIAN habar agentligine aýtmagyna görä, sişenbe güni uniwersitetiň leksiýa zalynda 20-den gowrak türkmen studentleri ukrainaly student Nikolaý Gelany we aralamaga synanyşan beýleki studentleri ýenjipdirler.

Pilipesiň aýtmagyna görä, bu wakada azyndan 3 studente şikes ýetipdir.

Harkowyň Medisina uniwersitetiniň resmisi bu wakanyň bolandygyny Azatlyk Radiosyna tassyklap, onda hiç kime şikes ýetmändigini aýtdy. Ol türkmen we ukrain studentleriniň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýda kadalydygyny bildirdi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň diplomatynyň şu gün Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, türkmen we ukrain studentleriniň arasynda uly bir çaknyşyk bolmandyr. Ol bu studentleriň bilelikde okuwlaryny dowam etdirýändiklerini hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG