Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan 4 milliard dollarlyk daşary ýurt maýasyna garaşýar


Roýter agentliginiň habar bermegine görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň nebit we gaz baýlyklaryna gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly inwestorlaryň Türkmenistana 4 milliard dollardan gowrak maýa goýmagyna garaşylýar diýip, türkmen resmisi aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça Döwlet agentligi resmisi Aşyr Begliýewiň Roýter agentligine aýtmagyna görä, geçen ýyl daşary ýurtly kompanýalar Türkmenistanyň energiýa pudagyna 2,8 mlrd dollarlyk maýa goýupdyrlar.

Ýakyn günlerde ABŞ-nyň “Chevron” we Fransiýanyň “Total” kompaniýalarynyň wekilleriniň Türkmenistana sapar etmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG