Sepleriň elýeterliligi

Wenesuelanyň prezidenti Moskwada gepleşikler geçirer


Sapar bilen Moskwa gelen Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawes şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew, premýer-ministr Wladimir Putin bilen gepleşikler geçirýär.

Taraplar energetikadan harby–tehnik ugra, ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga çenli meseleleriň uly toplumyny maslahat ederler.

Moskwadaky duşuşygyň esasy netijesiniň “Hereketler planyna” gol çekilmegi bolaryna garaşylýar. Şol plan 2014-nji ýyla çenli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ýaňadan seretmegi göz öňünde tutar.
XS
SM
MD
LG